Ýoda Restoran — eltip bermek hyzmaty ýola goýlan restoranlary we kafeleri bir ýerde jemleýän onlaýn platforma. Saýlama restoranlar, aşhanalaryň dürli görnüşleri, ýokary hil, ýokary hyzmat, ulanmak üçin düşnükli interfeýs, sada we göze ýakymly dizaýn, öz maglumatlaryňy goşmak, sargydy iň aňsat usulda jemlemek we salgyňyza gelýänçä “ädimme-ädim” yzarlamak, tagamlar we hyzmat barada pikiriňi ýazmak, öýde nahar bişirmek endigini unutmak… bularyň hemmesi — Ýoda Restoran.
📲 Ulanmak ansat
Programmada restoranlary tapmak aňsat. Meselem kategoriýalar boýunça: Burger, Ertirlikler, Kofe, Döner, Işdäaçarlar. Şeýle hem siz öz halan restoranlaryňyzy aýratyn belläp bilersiňiz.
🏃🏻♂️ Sargydy yzarlamak
Sargydyňyzyň statusyny ädimme-ädim yzarlap bilersiňiz: Kabul edildi, Taýýarlanýar, Ugradyldy, Eltildi, Ýatyryldy.
😍 Nädip sargyt etmeli?
Restorana giriň.
Menýudan geregiňizi saýlaň.
Eltmeli ýerini we wagtyny görkeziň.
Sargydy ugradyň.
Goşmaça soraglar ýüze çyksa biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz:
📱 +993 64 687171
📧 yodarestoran@gmail.com
Hormatlamak bilen,
Ýodaçylar.
Aktualisiert am
07.06.2024