Bankyň Mobil Programmasy – Siziň maliýe ýardamçyňyz
Bankymyz tarapyndan işlenip düzülen döwrebap mobil programma bilen gündelik maliýe işleriňizi dolandyrmak indi has ýeňil we amatly!
Mobil programmamyz arkaly Siz:
Hasaplaryňyzyň galyndylaryny we hereket taryhyny islendik wagtda görüp bilersiňiz;
Töleg geçirmek üçin ýüzlenme (haýyş) iberip, nagt ýa-da nagt däl tölegleri ýerine ýetirmek boýunça bank bilen aragatnaşyk gurup bilersiňiz;
Karz almak üçin ýüzlenme ibermek arkaly, öýden çykmazdan karz serişdelerini almak boýunça başlangyç ädimleri amala aşyryp bilersiňiz;
Bank hyzmatlary boýunça habarnamalary alyň, wagtynda duýduryşlar bilen maliýeňizi gözegçilikde saklaň;
Hasaplaryňyzy dolandyrmak, täze hyzmatlara ýazylmak we beýleki bank mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin bir platformada ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň.
Mobil programma - bu diňe bir amatlylyk däl, eýsem ygtybarlylyk we çaltlyk hem!
Programmany ýükläň we bank hyzmatlarynyň täze derejesini başdan geçiriň!
Hasaplaryňyzyň galyndylaryny tiz we aňsat görüp bilersiňiz