Dilkent - Iňlis, Rus, Hytay dillerini we Matematika öwrenmegiň iň tiz we iň aňsat ýoly.
Dilkent Iňlis, Rus, Hytay dillerini we Matematikany 0-dan öwrenmek isleýänler we öňden düşünjesi bolup bilimini has-da ösdürmek isleýänler üçin niýetlenen.
Dilkentde Kurslary hem türkmen hem rus dilinde öwrenmek mümkinçiligi bar.
Dilkentde ilki başda interaktiw sapaklaryň üsti bilen degişli tema aňsat dilde öwredilýär. Soňra öwredilen temany özleşdirmek üçin köp dürli gönükmeler hödürlenýär.
Dilkentde siz Dilleri Grammatika, Söz baýlygy(Vocabulary), Diňläp düşünmek(Listening), okap düşünmek(Reading), dürs ýazuw(Writing), dogry gürleýiş(Speaking & Pronunciation) metodlaryny öwrenip we özleşdirip bilersiňiz.
Her sapakda ýokarda bellenen metodlar üçin gönükmeler berilýär. Dogry gürleýiş(Speaking & Pronunciation) metodyny özleşdirmek üçin Emeli Aň(AI) ýerleşdirildi. Bu Emeli Aň siziň haýsy harplarda we seslerde ýalňyş gürleýäniňizi size duýduryp dogry gürlemegiňizi talap edýär.
Mundan başga-da siz Dilkentde 30.000 sözden ybarat Iňlis-Türkmen, Iňlis-Rus, Rus-Türkmen, Hytaý-Türkmen we Hytaý-Rus sözlüklerinden peýdalanyp bilersiňiz.
Dilkent-de her bir ýerine ýetiren ýumuşyňyz üçin ýa-da tamamlan gönükmäňiz üçin siz ballary gazanyp bilersiňiz. Bu ballaryň jemi esasynda siz dostlaryňyz bilen ýaryşyp bilersiňiz.
Gysgaça aýdylanda, Dilkent - Iňlis, Rus, Hytay dillerini we Matematikany öwrenmek isleýänler we öz bilimini has-da kämilleşdirmek isleýänler üçin Ideal platformadyr!
Dilkent işgärler topary, her gün öz ulanyjylary üçin täze mümkinçilikleri döretmek üçin zähmet çekýärler we ýakyn wagtlarda has-da peýdaly mümkinçilikleri öz ulanyjylaryna hödürlär.
Dilkent - Her wagt, her ýerde!