Dünýäniň we adamzadyň ýaradylyşy
1 Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. 2 Dünýä şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy. 3 Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4 Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5 Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.